Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy. Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. Hirod Ondan köp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.
Выбор основного перевода