Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi. Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy. Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy. Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler. Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady. Hepdäniň birinji güni, entek alagaraňkyka, magdalaly Merýem irden mazara bardy. Görse, mazaryň agzyndan daş aýrylypdyr. Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gitdi. Olara: «Rebbi gördüm!» diýip, Rebbiň özüne aýdanlaryny şägirtlere habar berdi.
Выбор основного перевода