Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin. Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, öz gözlerim bilen görerin, ýüregim üzülip barýar. Özüme tabşyran işiňi berjaý etmek bilen Men Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr. Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr. Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; emma Maňa bir beden taýynladyň. Ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy Seniň göwnüňden turmady. Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy. Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“». Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi. Soňra-da: «Ine, Men, Seniň islegiňi berjaý etmäge geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinji kanuny berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar. Biz bu isleg boýunça, Isa Mesihiň bedeniniň ähli zat üçin bir gezekde gurban edilmegi arkaly mukaddes edildik.
Выбор основного перевода