Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler. Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar. Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular. Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler. «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular. Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular. Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.
Выбор основного перевода