Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi. Saçak başynda şägirtlerden biri Isa ýaplanyp otyrdy. Ol Isanyň söýgüli şägirdidi. Şonda ol Simun Petrus bilen Isanyň söýgüli şägirdiniň ýanyna ylgap baryp, olara: «Agamyzy mazardan çykaryp äkidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi. Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady. Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi.
Выбор основного перевода