Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin, üçülenji güni işimi bitirerin. Emma şonda-da Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli, sebäbi pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir! Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy. Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi. Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez.
Выбор основного перевода