Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz. Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah janlysyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler. Efraýym, manaşa, ysakar we zebulun tirelerinden bolan köp adamlar özlerini tämizlemezden, Pesah gurbanlygyndan iýdiler. Olar iýip, düzgüni bozdular. Emma Hizkiýa olar üçin dileg etdi. Hizkiýa: «Eý, merhemetli Reb, mukaddes ýeriň düzgünine görä tämiz bolmazdan ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwen her kesi bagyşla» diýdi. Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady: Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy. Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy. Şol adamlary ýanyňa al-da, olar bilen bile tämizlenme dessuryna goşul we olaryň harçlaryny sen töle. Ondan soň olar saçlaryny syrdyrmaly. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda aýdylan myş-myşlaryň ýalandygyny, seniň-de Musanyň kanunyna uýup ýaşaýandygyňy bilerler. Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile özüni tämizledi. Onsoň ol ybadathana girip, päkleniş günleriniň haçan gutarjakdygyny we olaryň her biri üçin haçan sadaka berjekdigini yglan etdi.
Выбор основного перевода