Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler. Ýudas şondan soň Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi. Şägirtleri bilen Isa şol ýerde ýygy-ýygydan duşuşyp durýardy. Şoňa görä, Oňa haýynlyk eden Ýudas hem ol ýeri bilýärdi. Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.
Выбор основного перевода