Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy. Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar». Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder. Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi. Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler. Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr. Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn». Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez. Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar. Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.
Выбор основного перевода