Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady: Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler. Isa gelen mahaly Onkileriň biri, Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt olaryň ýanynda däldi. Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi. Sekiz günden soň, şägirtler ýene öýde üýşüp otyrdylar. Bu gezek Tomas hem olaryň arasyndady. Gapylar gulply bolsa-da, Isa öýe girip, olaryň arasynda durdy. Ol: «Size rahatlyk bolsun!» diýdi. Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi. Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi. Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.
Выбор основного перевода