Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi. Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi. Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir. Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz. Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода