Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer. Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi. Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi. Ol Ogul hem bolsa, görgi görüp, tabyn bolmaklygy öwrendi. Şonuň üçin Mesih dünýä gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; emma Maňa bir beden taýynladyň. Ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy Seniň göwnüňden turmady. Şonda diýdim: „Ine, Men! Kitapda Men barada ýazylgy. Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmäge, ine, Men geldim“». Mesih ilki bilen Kanunyň talap edýän gurbanlyklary barada söz açyp, Hudaýa: «Sen gurbanlyk bilen sadakany islemediň, ýakma hem günä gurbanlygy-da göwnüňden turmady» diýdi. Soňra-da: «Ine, Men, Seniň islegiňi berjaý etmäge geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinji kanuny berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar.
Выбор основного перевода