Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek? Ol diriler diýaryndan mahrum edildi, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi. Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi. ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi. Şoňa görä Hudaý Ony juda beýgeltdi: Oňa ähli atdan üstün bir ady berdi.
Выбор основного перевода