Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim.
Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.
Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.
Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.
Ol hakda ýazylanlaryň baryny berjaý edenlerinden soň bolsa, Ony haçdan düşürip, bir mazarda goýdular.