Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer. Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, sesi köçelerde asla ýaňlanmaz. Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer. Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar. Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň. Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Meniň Rebdigimi bilmegiň üçin, garaňkylygyň hazynalaryny, gizlin ýerlerdäki baýlyklary saňa bererin. Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa. Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar. Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi. Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar. Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. Isa oňa: «Merýem!» diýdi. Ol hem Oňa tarap gaňrylyp seredip: «Rabbuni!» diýdi. (Bu arameýçe «Mugallymym» diýmekdir.) Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,
Выбор основного перевода