Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Abadýany, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi. Lewilerden Şemagýa, Netanýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýehoram olar bilen gitdiler. Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler. Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky Ysraýyla hyzmat ediň. Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi. Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwudar.
Выбор основного перевода