Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy. Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler. Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwradyny getirmegini soradylar. Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk. Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.
Выбор основного перевода