4
Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.
Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.
Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.
«Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar.