Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda, ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň. Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler. Olaryň bu Kanuny bilmeýän çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».
Выбор основного перевода