Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bolelinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň. Soňra siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diýiň: „Men öýümden Seniň mukaddes paýyňy aýyrdym. Seniň maňa beren buýruklaryňyň esasynda men ony lewilere, aramyzda ýaşaýan gelmişeklere, ýetimlere we dullara berdim. Men Seniň buýruklaryňdan hiç ýana çykmadym, olaryň hiç birini ýatdan çykarmadym. Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin. Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler. Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudylaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynlykdan şatlyga, ýasdan toýa öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.
Выбор основного перевода