Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin. Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin. Emma eýesiniň ýeri yzyna satyn almaga ýeterlik puly bolmasa, onda satylan ýer baýram ýylyna çenli ony satyn alan adamyň elinde galar. Ýöne baýram ýylynda ýer onuň ygtyýaryndan çykyp, mülk öňki eýesine gaýtarylyp berilsin. Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin.
Выбор основного перевода