Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin. Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn. Olar ýylyna hakyna tutulýan işçi hökmünde baý gelmişegiň ygtyýarynda bolar. Ýöne hojaýyn siziň gözüňiziň alnynda olara gödek daraşmasyn. Eý, hojaýynlar, siz hem gullaryňyza edil şu tärde serediň, olary gorka salmaň, sebäbi olaryň hem, siziň hem gökde Hojaýynyňyzyň birdigini bilýänsiňiz. Ol hiç kime tarapgöýlik etmeýär. Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.
Выбор основного перевода