Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler. Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady. Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Git-de, Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýüzlenip, oňa Reb şeýle diýýär diý: ‘Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony oda ýakar. Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň. Ýöne, eý, Ýahuda patyşasy Sidkiýa, Rebbiň sözüni eşit! Reb seniň gylyçdan ölmejikdigiňi aýdýar.
Выбор основного перевода