Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi. Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar. Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar. Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi. Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi. Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.
Выбор основного перевода