Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi. Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi. Soňra Hudaýyň Ruhy otuz ýigidiň baştutany Omasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi: «Biz seniňki, eý Dawut! Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly! Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun! Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun! Hudaýyň saňa ýardam edýändyr!». Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi. Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zekarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».
Выбор основного перевода