Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin. Bu hakda size habar berilse, siz ony derňäp, gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, şeýle nejis iş Ysraýylda edilen bolsa, onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň. Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýdi: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukudadyr, ony oýarmak gerekdir».
Выбор основного перевода