Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi. Eglon ammonlylar we amalekler bilen birleşdiler we ysraýyllara zarba urup, Palma galasyny eýeledi. Şu wakadan soň midýanlar, amalekler, gündogaryň beýleki halklary birleşdiler we Iordan derýasyndan geçip, Ýizregel jülgesinde düşelge gurdular. Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy. Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi. Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi. Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.
Выбор основного перевода