Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.) Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy. Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi. Rubenler we gatlar gurbanlyk sypasyna «Subutnama» diýip at berdiler. Olar: «Çünki bu biziň aramyzda Rebbiň Hudaýdygynyň subutnamasydyr» diýdiler. Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy. Gidegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
Выбор основного перевода