Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň. Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin». Reb Ýakubyň nesilleri bilen äht edip, olara şeýle tabşyryk beripdi: «Siz keseki hudaýlara sežde etmäň, olaryň öňünde dyza çöküp, olara gullugam etmäň, gurbanlygam bermäň. Sizi beýik gudrat we güýç bilen Müsür ýurdundan çykaran Rebbe sežde ediň, Onuň öňünde dyza çöküp, Oňa gurbanlyk beriň. Rebbiň siziň üçin ýazan tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny seresaplyk bilen berjaý ediň. Siz keseki hudaýlara sežde etmäň. Meniň siziň bilen eden ähtimi unutmaň we keseki hudaýlara sežde etmäň.
Выбор основного перевода