Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy. Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, ýeriň binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi. Şonda zemin çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi. Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar. Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda, Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy. Bulutlar ýagmyr dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular. Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.
Выбор основного перевода