Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.
Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy.