Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy. Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!» Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady. Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi.
Выбор основного перевода