Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Sisera pyýada gaçyp, keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň ýaşaýan çadyryna bardy. Heber we onuň öýündäkiler Hasor hany Ýabyn bilen ylalaşykly ýaşaýardy. Sisera aýala: «Men gaty suwsadym, maňa bir azajyk suw bersene» diýdi. Ýagel süýtli meşikden süýt alyp, Sisera içirdi-de, ýene onuň üstüni örtdi. Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“ diýip soraýsa, sen: „Ýok“ diýip jogap berersiň» diýdi. Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi. Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr!
Выбор основного перевода