Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Deňiz kenarynda mesgen tutar Zebulun, gämiler üçin duralga bolar onuň kenary, Sidona ýeter ýeriniň çäkleri. Ine, Musanyň gat tiresine onuň uruglaryna görä beren mülk ýerleri: Ýazer galasy, Gilgadyň ähli galalary we ammonlaryň ýurdunyň ýarysy, Rabanyň gündogaryndaky Arogere çenli; Heşbondan Ramatmispä we Betonyma çenli, Mahanaýymdan Debiriň araçägine çenli; Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr. Ine, gatlaryň uruglaryna görä galalary we obalary bilen birlikde alan mülk ýerleri şulardyr. Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr. Meýýarkon we Ýafonyň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.
Выбор основного перевода