Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Mukaddes çadyryň haýadyny gur. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as. Haýadyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört dabany bolsun. Besalel mukaddes çadyryň haýadyny gurdy. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy. Haýadyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýadyň tutulary ýalydy.
Выбор основного перевода