Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. Reb Musa şeýle diýdi: «Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». «Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür». Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy. Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi. Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen guşak bilen Harunyň arkasyna berkitdi. Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy saldy. Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Soňra Musa mesh ýagy alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi. Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi. Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy. Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi. Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».
Выбор основного перевода