Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler. Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy. Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi. Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen, bütin gije – oduň ýagtysy bilen. Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar. Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler.
Выбор основного перевода