Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy. Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi. Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar. Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar. Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler. Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Gündiz bolsun, gije bolsun – parhy ýok, bulut ýokary gӧterilende ysraýyllar hem ýola düşerdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler. Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler. Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy. Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.
Выбор основного перевода