Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Müsürden çykyş
Параллельные места
Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany daban hem ýasaň. Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler. Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy. Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy. Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi. Çyradany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy. Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy. Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy. Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy. Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy. Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi. Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy.
Выбор основного перевода