Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi. Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme. Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi. Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr; Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr. Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz, Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
Выбор основного перевода