Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar. Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar. Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler. Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr. Emma bu bilim hemme adamlarda ýokdur. Käbir adamlar butparazlyk pikirlerinden saplanyp bilmän, bu gurbanlyk etini iýenlerinde, heniz-de buta sežde edýändir öýdýärler. Bu hem olaryň ejiz ynsabyny murdar edýär. Çünki olardan biri seni, ýagny bilimi bolany, buthanada saçak başynda görmegi ahmal. Şonda onuň ynsaby ejizläp, buta berlen gurbanlygy iýmäge ymtylmazmy? Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.
Выбор основного перевода