Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka? Ýa şunuň ýaly waka hakynda eşidipmidiňiz? Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka? Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy? Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi. Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy. Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur. Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň. Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin. Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde, ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.
Выбор основного перевода