Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy. Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy. Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak. Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy. Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi. Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi.
Выбор основного перевода