Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir. Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi. Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň. Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.
Выбор основного перевода