Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler. Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi. Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn. Birinji äht döwründe sežde etmegiň kada-kanunlary we dünýewi Mukaddes çadyr bardy. Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy. Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.
Выбор основного перевода