Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler. Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler. Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy. Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir. Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr.
Выбор основного перевода