Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn. Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar. Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi. Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý. Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
Выбор основного перевода