Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy. Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy. Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi. Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi. Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady. Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy.
Выбор основного перевода