Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy. Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy. Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi. Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi. Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasady. Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi. Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler. Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.
Выбор основного перевода