Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gözleriňi daş-töwerege aýla-da, seret, olaryň hemmesi toplanyp, ýanyňa gelýärler. Barlygymdan ant içýärin, olaryň bary seniň üçin bezeg bolar, gelin dek olary dakynarsyň. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň ýene saňa şeýle diýerler: „Bu ýer bize darlyk edýär, mesgen tutara bize ýer ber“. Şonda sen içiňden diýersiň: „Bulary maňa kim dogrup berdi? Çagasyzdym, önelgesizdim, sürgün edilip kowlupdym; eýsem bulary kim ulaltdy? Ýeke-ýalňyz galypdym, bular nireden gelip çykdylar?“». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler. Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar. Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.
Выбор основного перевода